5-nji iýulda «Ýüpek ýoly» halkara rallisine badalga berildi. Ozal hem habar berşimiz ýaly, oňa türkmenistanly sürüjiler hem gatnaşýar. 11 günläp dowam etjek ýaryş 15-nji iýulda Mongoliýanyň paýtagty Ulanbator şäherinde tamamlanar.
2022-nji ýylda T2 görnüşi boýunça çempion bolan türkmenistanly doganlar Toýlyýew şu gezekki ýaryşda-da yzda galan 5 tapgyrdan soň öňdebaryjylaryň hatarynda barýar.
Bu ýerde guralan ýolsuz ýerde hereket edýän ulaglaryň arasyndaky T2 ýaryşynda Türkmenistanyň türgenleri oňat netijeler görkezýärler.
Halkara ralli ýaryşynyň resmi saýtyndaky habarlara görä, Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgeni, 2 gezek “Ýüpek ýoly” rallisiniň ýeňijisi Maksatmyrat Daňatarow 5-nji tapgyrda T2 ýaryşynda birinji tamamlady.
Şeýlelikde, T2 ýaryşynda umumy hasapda Andreý Suşensow we Mihail Mitýaýew öňde barýan bolsa, olardan 11,5 minutlyk aratapawut bilen 3-nji orunda Maksatmyrat Daňatarow barýar. Ilkinji bäşlikde doganlar Toýlyýewler hem ynamly orun aldy.
