MEDENIÝET

Dünýäniň iň gymmat toýy: Biber 10 million dollar gazandy

Hindistanyň iň baý adamlarynyň biri bolan Mukeş Ambaniniň 29 ýaşyndaky ogly üçin gurnaýan durmuş toýy köp wagtdan bäri dowam edip gelýär. Tapgyrma-tapgyr dowam edýän bu durmuş toýunda dünýä belli aýdymçylar çykyş edýär.

Soňky maglumatlara görä, bu toýuň nobatdaky tapgyrynyň aýdymçysy dünýä belli Jastin Biber boldy. Aýdymçy bu toýuň çäklerinde Mumbaý şäherinde konsert berip, 10 million dollar gazandy.

Şeýle hem mundan ozal, dünýä belli zenan aýdymçy Rihanna hem Anant Ambani hem-de Radhika Merkantyň toýunda çykyş edip, 6 million dollar gazanandygy bellenilip geçilipdi.

Mukeş Ambaniniň 29 ýaşyndaky ogly Anant Ambaniniň durmuş toýynyň dabaralary mart aýyndan bäri dowam edip gelýär.

Anant Ambani “Forbes” žurnalyna görä, 123.4 milliard baýlygy bolan Aziýanyň iň baý adamy Mukeş Ambaniniň ogly. Hindi maşgalasy mart aýyndan bäri 12-nji iýuldaky oglunyň durmuş toýuna taýýarlanýar.

Mart aýyndaky toý dabaralaryna dünýäniň baýlaryndan Bill Geýts hem-de Mark Zukerberg hem gatnaşypdy.

Maý aýynda bolsa, Ambanileriň maşgalasy üçin Italiýadan Fransiýa 3 günlük gämi syýahaty guralyp, şol ýerde Keti Perri, Pitbul we Dewid Getta ýaly aýdymçylar çykyş edipdi.

Ýene-de okaň

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi