JEMGYÝET

Türkmenistanda täze saglyk merkezleri gurlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri  saglygy goraýyş maksatly desgalaryň gurluşygy, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, binalaryň bezeg aýratynlyklary we enjamlaşdyrylyşy babatda maglumat berýän taslamalardyr çyzgylar bilen tanyşdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Şeýle-de Stomatologiýa merkeziniň, 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyklary, saglygy goraýyş edaralarynyň baş meýilnamasy, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, sagaldyş ulgamyna degişli merkezleriň bölümleriniň enjamlaşdyrylyşy, otaglaryň bezeg aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berildi.

Bu ýerde görkezilen taslamalaryň hatarynda Mary welaýatynda 200 orunlyk, Balkan we Lebap welaýatlarynda her biri 150 orunlyk halkara derejeli onkologiýa merkezleriniň, Daşoguz welaýatynda 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 600 orunlyk S.A.Nyýazow adyndaky bejeriş-maslahat beriş merkeziniň, şu uniwersitetiň 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Aşgabat şäherindäki Indira Gandi adyndaky 1000 orunlyk lukmançylyk orta hünär mekdebiniň şekil taslamalary bar.

Dünýäniň abraýly maliýe düzümleri bolan Yslam ösüş bankynyň Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezleriniň gurluşygyny, Saud ösüş gaznasynyň bolsa Mary welaýatyndaky onkologiýa merkeziniň gurluşygyny maliýeleşdirýändigi barada habar berildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň “Ozon” internet söwda platformasy Türkmenistanyň bazaryna çykdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Çagalar – parahat we abadan durmuşa mynasypdyr!

Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär

Narine Saakýan we Jalpa Ratna Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglandy

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi