DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň medeniýet we sport ministriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýtmämmedow bilen Gruziýanyň medeniýet we sport ministriniň birinji orunbasary I.Baghaturiýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar ähli ugurlar boýunça türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň ösýändigini kanagat bilen bellediler, hususan-da iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlykda medeni alyş-çalyşlaryň möhümdigi hem-de oňyn goşant goşýandygyny nygtadylar.

Ilçi beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň şanly 300 ýyllygyna bagyşlanyp dabaraly çäreleriň Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýändigini aýtdy.

I.Baghaturiýa Aşgabatda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we gruzin şahyry Şota Rustaweliniň heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de, beýik türkmen şahyryna bagyşlanan medeni çäreleriň ýylyň dowamynda Gruziýada hem geçiriljekdigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Medeniýet günlerini Gruziýada geçirmek meselesini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Munuň özi milli medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň, türkmen halkynyň taryhynyň giňden ýaýbaňlandyrmagyna, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da baýlaşdyrmagyna, iki ýurduň halklaryň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrjakdygyna berk ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

680 dollarlyk kofe Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasy Bahriýa uniwersitetinde umumy sapak geçirdi

Türkmenistan Bişkekde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň III parlamentara forumyna gatnaşdy

Duşenbe GDA-nyň Baştutanlarynyň sammitini kabul etmäge taýýarlanýar

Donald Tramp Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy