MEDENIÝET

Konsertde hoş owazlar ýaňlandy

Şu gün ýurdumyzyň aýdym-saz sungatynyň baýry bilim ojagy bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ajaýyp konsert geçirildi. Sungat hem-de aýdym-saz muşdaklaryna uly şatlyk paýlaýan bu konsert maksatnamasy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Şemşat Amannepesowanyň ýolbaşçylyk etmeginde ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Köp ýyllaryň dowamynda bu baýry bilim ojagynda türkmen ýaşlaryna aýdym-saz ugry boýunça bilim berýän uly mugallym Şemşat Amannepesowanyň ýolbaşçylygynda talyplaryň ýerine ýetirmeginde türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdiler.

Konsert maksatnamasynyň dowamynda Aýsoltan Samedowa we Nurberdi Hojaýew  nusgawy sazlari ýerine ýetirip, oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsirler galdyrdylar. Şeýle hem konsertde Ç.Nurymowyň, E.Grigiň eserleri talyplar tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirildi.

Mundan başga-da, konsertde Aknabat Ýazpoladowa Musorgskiniň “Sergidäki suratlar”, Gyrmyzy Bäşimowa “Bethowen sonata 14..Bah”, “Tokkata we fuga” eserlerini ussatlykla ýerine ýetirdiler. Talyplardan Dinara Babajanowa bolsa, Bahyň predlýudasyny we fugasyny, Bethoweniň sonatasyny ýerine ýetirip, tomaşaçylarda ýakymly täsirler galdyrdy.

“Fortepiano” saz guralynynyň owazy bilen ýaňlanan şirin mukamlar tomaşaçylarda aýratyn duýgular döretdi. Konsertdäki çykyşlar tomaşaçylar köpçüliginiň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldular. Bu medeni köpçülikleýin çäräsine konserwatoriýanyň mugallymlarydyr talyplary hem-de sungat söýüjiler gatnaşdy.

Ýene-de okaň

Türkmen sazandalary Wenadan “Altyn baýrak” bilen dolandylar

Türkmenistanda awgust aýynda geçiriljek esasy çäreler

«Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry üstünlikli geçirildi

Italiýada Türkmenistanyň arheologik üstünlikleriniň sergisi geçiriler

2026-njy ýylda Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda geçiriler

«Pa­ra­hat­lyk aý­dy­my» at­ly tä­ze film tomaşaçylara hödürlendi