MEDENIÝET

Astrahanda “Magtymguly Pyragy” atly türkmen çeper filmi görkezildi

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsullygynyň we Astrahan oblastynyň Daşary aragatnaşyklary ministrliginiň guramagynda Astrahan şäher kinoteatrynda “Magtymguly Pyragy” atly türkmen çeper filmi görkezildi

2025-nji ýylyň 21-nji awgustynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Astrahan şäheriniň “Ilýuzion” kinoteatrynda “Magtymguly Pyragy” atly türkmen çeper filmi görkezildi. Çärä Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsuly, “Hazar mediaforum – 2025” çärä gatnaşmak üçin gelen Türkmenistanyň wekilýet agzalary, Türkmenistanyň raýatlaryndan ybarat talyplar hem-de Astrahan oblastynyň çäginde kowçum bolup ýaşaýan türkmenler gatnaşdylar.

Kino görkezilmezinden öň ýany Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň Halkara gatnaşyklary bölüminiň esasy habarçysy Ataýew Amangeldi gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi Türkmenistanyň medeni mirasynda uly ähmiýete eýe bolýandygyny we Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň wajyplygyny belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Maýkl Jekson baradaky film rekord goýýar

Gyrgyzystanda uçarda ilkinji gezek moda görkezilişi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar tans topary Türkiýedäki festiwala gatnaşdy

Dünýäniň iň garry gorillasy 69 ýaşady

Konkur boýunça gyzgalaňly ýaryş geçirildi

Türkmenistanda TÜRKSOY-yň Molla Nasreddin filminiň surata düşüriliş işleri geçirildi