Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde D.Orazowyň we G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, ilki bilen, olary ýetip gelýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady hem-de täze şäherde meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Arkadag şäheriniň häkimi türkmen halkynyň Milli Liderine şäheriň köp sanly ýaşaýjylarynyň ýüztutmalary we haýyşlary esasynda täze şäherde halyçylyk kärhanasyny gurmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Milli Liderimiz bu teklibiň oňyn başlangyçdygyny aýdyp, ony hormatly Prezidentimize ýetirjekdigini we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň makullan halatynda, bu ýerde haly kärhanasynyň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Türkmen gelin-gyzlarynyň döreden dünýä nusgalyk el işleriniň, halyçylyk sungatynyň häzirki döwürde dowam etdirilmeginde we täze iş orunlarynyň döredilmeginde möhüm ähmiýeti boljak haly kärhanasynda eli çeper zenanlaryň zähmetinden türkmen halylarynyň dünýä nusgalyk görnüşleriniň dokaljakdygyna ynam bildirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýdyşy ýaly, türkmen halylary, olary dokamak sungaty asyrlar aşyp gelýän edep-terbiýe mekdebidir. Şunuň bilen baglylykda, orta mekdeplerde ýaş okuwçy gyzlaryň arasynda el hünäri boýunça ýörite sapaklaryň girizilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy. Halyçylygy, keçe önümleriniň taýýarlanylyşyny ösdürmek häzirki döwrüň möhüm wezipesidir. Halylar we haly önümleri türkmen toýlarynyň esasy bezegidir. Bu sungatyň ösdürilmegi ýagşy dessurlaryň rowaçlyklara beslenmegini şertlendirýär.
