Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew resmi sapar bilen Astana şäherine baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
– Türkmenistany ygtybarly strategik hyzmatdaş hökmünde garaýarys. Hakykatdan hem soňky ýyllarda biziň döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça ösdürilip, ykdysadyýetiň strategik pudaklary boýunça täze ösüşe eýe bolýar – diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew belledi.
Şeýle hem Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmen tarapy hem öz gezeginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy döwletara gatnaşyklaryynyň ähli ugurlary boýunça ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklady.
Duşuşygyň barşynda sňwda-ykdysady, energetika we ulag-logistika ugurlarynda iri taslamalary durmuşa geçirmegiň ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berlip, bu gatnaşyklary her geçen ýyl täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy aýdyldy.
Mundan başga-da, taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, öňde boljak ýokary derejedäki duşuşyklar babatda pikir alyşdylar.
