MEDENIÝET

“Dutaryň owazy” Gazagystanda baýraga mynasyp boldy

Gazagystanyň Al-Farabi milli uniwersitetiniň 90 ýyllygy mynasybetli TÜRKSOÝ halkara guramasy bilen bilelikde 29-30-njy aprelde Farabi film festiwaly geçirildi. Oňa Türkmenistanyň kinematograflary hem gatnaşdy.

Bu film festiwalynda Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň ýaş režissýory Isgendermuhammet Annamuhamedowyň surata düşüren “Dutaryň owazy” çeper filmi kino muşdaklara görkezildi. Film kino muşdaklarda uly täsir galdyrdy we kinofestiwalyň emin agzalarynyň ýörite baýragyna mynasyp boldy.

“Dutaryň owazy” filmi kino tomaşaçylara türkmen halkynyň saz sungaty babatda maglumat almaga giň mümkinçilik döretdi.

Mundan ozal, bu film Belarusda geçirilen “Listapad” we türki dünýäsiniň “Gorkut ata” kinofestiwallarynda görkezildi.

Mälim bolşy ýaly, türki dünýäsiniň “Gorkut ata” kinofestiwaly üstümizdäki ýylda Türkmenistanda geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýew aradan çykdy

Aşgabatda Koreý medeniýetiniň günleri geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi

Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň çeper filmleri XVII «Ýewraziýa» halkara film festiwalynda görkeziler

Türkmenabatda bilelikdäki türkmen-özbek konserti geçirildi