SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan “Qatar Airways” bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenýär

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Saýitmämmedow Katar Döwletiniň Raýat awiasiýasy baş müdirliginiň ýolbaşçysy Muhammad Falih Al-Hajiri bilen duşuşdy.

Duşuşykda “Türkmenhowaýollary” agentiligi bilen Katar Döwletiniň Raýat awiasiýasy baş müdirliginiň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky ähtnamanyň durmuşa geçirilmeginiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Diplomat Türkmenistanyň garaşsyzlyk döwründe gazanan üstünlikleri, hususan-da ulag-aragatnaşyk toplumunyň işini kämilleşdirmek babatdaky möhüm wezipeler barada maglumat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň dürli künjegine uçar gatnawlaryny amala aşyrýan “Qatar Airways” milli awiakompaniýa bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Katar Döwletiniň geografiki ýerleşişi üstaşyr gatnawlar üçin amatlydygy bellenildi.

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy

ABŞ wizasynda täzelik : Bond howa menzilleriň sany artdy

Türkmenistandaky resmi syýahatçylyk kärhanalarynyň sanawy