DÜNÝÄ

Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy gruzin dilinde neşir ediler

2024-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gruziýanyň ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň Başlygy Makwala Gonaşwili bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklar iki ýurduň arasyndaky dostluk, birek-birege hormat goýmak we ynam bildirmek ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn dostlukly hyzmatdaşlygyň ösmegine möhüm orun eýeleýändigini bellediler.

M.Gonaşwili wekiliýete Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlap hut özüniň üstünde işlän, beýik türkmen şahyrynyň goşgular ýygyndysynyň gruzin dilindäki terjimesini görkezdi. Ol Magtymgulynyň goşgularynyň ýygyndysyny ýakyn wagtda gruzin dilinde neşir etmek boýunça başlangyjy bilen çykyş etdi, şeýle hem dünýäniň ruhy medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýan Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen gruzin halkynyň ýakyndan tanyşmagyna ýardam boljakdygyny aýratyn belledi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Gruziýanyň döredijilik hem-de ylmy intellegensiýalarynyň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy, halklaryň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi has-da pugtalandyrmaga ýardam boljakdygyna ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Irfan Ali: ýakyn wagtda Aşgabatda “UN-Habitat” edarasy açylyp biler

WUF13:Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Hytaý” içeri işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Gazagystan Merkezi Aziýada emeli ýagyş taslamasyny ilkinji bolup başlatdy

Tbilisiniň teleýaýlym diňi Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy

Japarow: Gyrgystan Daglyk şäherleriň halkara assosiasiýasyny döretmek başlangyçy bilen çykyş edýär