DÜNÝÄ

BAE-niň Merkezi Aziýa maýa goýumlary 13 milliard dollardan geçdi

Mälim bolşy ýaly, Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde  «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa» (AADHG + MA) Strategik dialogyň ikinji ministrler duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.

Özbegistanyň “Dunyo” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşan Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentiniň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, energetika we infrastruktura ministri Suhaýl al-Mazrui öz çykyşynda Merkezi Aziýa döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylýandygyny aýtdy.

Onuň bellemegine görä, ikitaraplaýyn nebit däl söwdanyň möçberiniň 2023-nji ýylda 9.6 milliard dollara deň bolandygyny belledi. Şeýle hem ol BAE-niň 2019-2023-nji ýyllarda Merkezi Aziýa ýurtlaryna gönükdiren maýa goýumlarynyň möçberiniň 13 milliard dollardan geçendigini belläp geçdi.

Bu duşuşyga hormatly myhman hökmünde gatnaşan Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow öz ýurdunyň Merkezi Aziýa bilen Aýlagynyň arap döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine konstruktiw goldaw bermäge taýýardygyny belledi.

Duşuşykdan soň bilelikdäki beýannama kabul edildi. 2026-njy ýylda “Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa” strategiki dialogyň daşary işler ministrleriniň indiki duşuşygyny Kuweýtde geçirmek kararyna gelindi.

Ýene-de okaň

2024-nji ýylda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady

Argentinanyň Prezidenti Italiýanyň raýaty boldy

Özbegistanyň medeniýet ministrine Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti diýen at dakyldy