SPORT

“Al-Hilal” – Saud Arabystanynyň naýbaşysy boldy

Saud Arabystanynyň Superkubogyny gazanmak ugrundaky ýaryşyň finalynda “Al-Hilal” bilen “Al-Ittihad” toparlary duşuşdy. Resmi duşuşyklarda ýeňilmän, dünýä rekordyny goýan “Al-Hilal” topary Saud Arabystanynyň Superkubogyny gazandy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki “Mohammed bin Zaýed” stadionynda geçirilen duşuşyk 4:1 hasabynda tamamlandy. “Al-Hilal” toparynyň düzüminde brazil hüjümçi Malkom, Salem Al-Dawsari hem-de Nasser Al-Dawsari tapawutlandy.

Bilşiňiz ýaly, “Al-Hilal” topary Superkubogyň ýarym finalynda Kristiano Ronaldonyň “Al-Nasr” toparyny ýeňipdi.

“Al-Hilal” topary ýeňilmän gelýän futbol duşuşyklarynyň sanyny 34-e ýetirdi. Saud kluby 4-nji gezek ýurduň Superkubogyny gazandy. Mundan ozal, bu topar 2015-nji, 2018-nji we 2021-nji ýyllarda naýbaşy kubogy eýeläpdi.

“Al-Hilal” toparynyň düzüminde çykyş edýän dünýä belli brazil futbolçy Neýmar bolsa, şikesli bolandygy üçin toparynyň bu üstünligine goşant goşup bilmedi. Ýöne ol hem topary bilen ilkinji kubogyny gazandy.

Related posts

“Çelsi” Oblak bilen gyzyklanýar

Ýewro-2020 finaly: Italiýa – Angliýa

Tomaşaçylar meýdança dolanýar