SPORT

Meşhur boksçy prezidentlige dalaş etdi

8 agramda dünýäniň ozalky çempiony, boksçy Menni Pakýao öňümizdäki ýylda Filippinlerde prezident saýlawlaryna gatnaşmagy meýilleşdirýär.

“BBC” teleýaýlymynyň berýän maglumatyna görä, ýurdy dolandyrýan FDP-Laban partiýasy türgeniň dalaşgärligini hödürledi. Ady rowaýata öwrülen türgen 42 ýaşynda we Filippinleriň parlamentinde senatordyr.

Ýurduň häzirki Prezidenti Rodrigo Duterte geljek ýyldaky prezident saýlawlarynda täze möhlet üçin dalaşgärligini goýup bilmeýär. Ýöne ýurduň syýasy partiýalarynyň biri ony özüniň dalaşgäriniň wise-prezidenti wezipesi üçin saýlap aldy.

Pakaýo 8 agramda dünýäniň esasy çempionlarynyň biridir. Onuň hasabyna 62 ýeňiş bolup, şol tutluşyklaryň 39-synda garşydaşyny nokaut bilen ýeňmegi başardy. Şeýle hem ol 7 tutluşykda ýeňlip, 2 gezek duşuşyk deňme-deň tamamlady.

Ol özüniň soňky WBC derejesi üçin geçiren duşuşynda kubaly bokçsy Ýordenis Ugasudan ýeňildi. Filippinli türgen sport durmuşyny tamamlamagy göz öňünde tutýar.

 

“Eýfel” diňindäki akrobatyň üstünligi

Ýene-de okaň

Messili Argentina dünýä çempionatynda finala çykdy

Ispaniýa dünýä çempionatynyň ilkinji finalçysy

Dünýä çempionatynyň ilkinji finalçysy belli bolar

“Arkadag” topary Hindistanyň “Goa” topary bilen duşuşar

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy