SPORT

Ronaldonyň maksady 250 duşuşykda oýnamak

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Roberto Martines milli ýygyndynyň kapitany Kristiano Ronaldo bilen geçiren gepleşikleri barada beýanat berdi.

Häzirki wagtda Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynda çykyş edýän Ronalda Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 20 ýyldan bäri oýnap, 128 gol geçirdi.

Tälimçi Roberto Martines Ronaldonyň milli ýygyndyda 200 duşuşykda oýnamagynyň uly üstünlik bolup durýandygyny belläp, onuň bilen geçiren gepleşigimiz milli ýygyndyda 250-nji duşuşygyny geçirmegi maksat edinýändigini aýdandygyny mälim etdi.

ronaldo 2003-nji ýyldan bäri Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde çykyş edip gelýär.

Ýene-de okaň

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym