BIZNES

Almatada 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumy geçiriler

2024-nji ýylyň 14–15-nji maýynda Gazagystanyň Almaty şäherinde 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumy geçiriler.

Forumyň çäklerinde täze söwda bazarlaryny öwrenmek, mümkinçilikleri ýüze çykarmak, gümrük we logistika amallaryny sanlylaşdyrmak bilen bagly mowzuklaýyn mejlisler geçiriler. Şeýle hem bilermenler söwda düzgünleşdirilişiniň dürli ugurlaryna, şol sanda sebitleýin söwda ylalaşyklaryny baglaşmak, Bütindünýä söwda guramasynyň standartlary bilen bagly ugurlara serederler.

Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň eksportçylarynyň gatnaşmagynda sergi guralar. Şeýle hem ikitaraplaýyn işewürlik duşuşyklary geçirmek göz öňüne tutulýar.

Merkezi Aziýa söwda forumy ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID) tarapyndan 2011-nji ýyldan bäri geçirilýär. Bu forum Merkezi Aziýanyň işewür jemgyýetçiligi üçin özboluşly meýdança bolmak bilen, sebit söwdasyny häzirki zaman innowasiýalary nazara almak bilen has-da giňeltmäge gönükdirilendir.

Bu çäre söwda we sebit hyzmatdaşlygyna goldaw bermek ulgamynda meşhurlyga eýe boldy. Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa söwda forumyna gatnaşýanlaryň sany barha artýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy