Dünýäniň iň garry erkegi derejesine 111 ýaşyndaky Beýik Britaniýanyň ýaşaýjysy Jon Tinniswud eýe boldy. Ol bu derejäni Wenesuelada ýaşaýan dünýäniň iň garry erkegi hökmünde kabul edilen Huan Wisent Peres Moranyň 114 ýaşynda aradan çykmagy bilen eýelemegi başardy.
Britan raýaty 1912-nji ýylda dünýä indi. Tinniswud tutuş ömrüne nebitgaz kompaniýasynda buhgalter bolup işledi we 1972-nji ýylda resmi taýdan pensiýa çykdy.
Britan raýatynyň bellemegine görä, onuň uzak ýaşamagynyň syry balyk we gowrulan kartoşkadan taýýarlanan tagam bolandygyny belleýär. Ol bu tagamy her hepdäniň anna güni iýipdir. Şeýle hem Tinniswud işjeň durmuş ýörelgesine ygrarly bolupdyr, hereketde bolmagy, tutuş günüň dowamynda stoluň başynda oturmagyň gowy däldigini belleýär.
Tinniswud birnäçe gezek şa zenany Ýelizaweta II bilen duşuşypdyr we ondan her ýyl doglan gününde sowgat alypdyr. Şa zenany aradan çykandan soňra bu däbi Karl III dowam etdiripdir.
