DÜNÝÄ

Russiýada Magtymguly Pyraga bagyşlanan konsert geçiriler

Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň Muzeý-sergi toplumynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň goldamagynda türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan konsert bolar.

Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» VIII halkara sungat festiwalynyň guramaçylyk komitetiniň habaryna görä, konsert programmasy Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň medeni hem-de sungat işgärleriniň gatnaşmagynda geçiriler.

Konsertde N.A.Rimskiý-Korsakowyň, E.di Kapuanyň, M.Raweliň, D.Öwezowyň, A.Pahmutowanyň, N.Halmämmedowyň, Ç.Nurymowyň, K.Wolkowyň, M.Guseýnowyň ajaýyp eserleri ýaňlanar. Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň, Hajy Kakalyýewiň, Ata Atajanowyň, Nikolaý Dobronrawowyň, Jowanni Kapurronyň, Andreý Dementýewiň, Şarl Bodleriň, Tristan Klingzoryň, Mihail Lermontowyň goşgularyna wokal kompozisiýalary ýerine ýetiriler.

«Gelikon-opera» teatrynyň artisti Darýa Guseýnowa kompozitor Mämmet Guseýnowyň «Magtymguly Pyragynyň monologlary» mono-operasyny ýerine ýetirer.

Soprano, wiolençel we orkestr üçin (fortepýano üçin gaýtadan işlenen) uly göwrümli wokal-instrumental eseri Magtymguly Pyragynyň ynsan ömri, ykbaly we ruhy-ahlak gözlegleri baradaky filosofik manyly goşgularyna döredilen bäş bölümden ybaratdyr.

Moskwa halkara sungat festiwalynyň art-direktory kompozitor Mämmet Guseýnowyň aýtmagyna görä, şu ýylky «Dutaryň owazy» festiwaly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar. Bu şanly sene mynasybetli beýik türkmen şahyrynyň edebi mirasyny wagyz etmäge gönükdirilen bäsleşikleriň birnäçesi geçiriler.

– Festiwalyň Guramaçylyk komitetine bäsleşige gatnaşjaklardan Magtymguly Pyragynyň goşgularyny nireden alyp bolýar diýip köp sowal gelýär. Russiýanyň Döwlet kitaphanasyndan hyzmatdaşlarymyz soňky günler Magtymguly Pyragynyň goşgularyny neşir etmek üçin sargytlaryň köpelendigini bellediler. Bu bizi begendirýän ýagdaý – diýip Mämmet Guseýnow gürrüň berýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary mynasybetli konsert Moskwada 7-nji aprelde sagat 16:00-da geçiriler.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri