TEHNOLOGIÝA

Hytaýda 5G ulanyjylarynyň sany 851 milliona ýetdi

Statistiki maglumatlara görä, Hytaý Halk Respublikasynda fewral aýynyň ahyrynda mobil telefonlardan peýdalanýanlaryň sany 1,746 milliard ulanyja ýetdi. Şolaryň 851 million internetiň 5G ulgamyndan peýdalanýar.

Şol bir wagtyň özünde, ýokary tizlikli ulanyjylaryň birikýän ykjam internet traffigi, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 59,8 göterim ýokarlandy we umumy göwrümiň 53,3 göterimine deň boldy.

Hytaýyň hökümetiniň täjirçilik maksatly ulanmak üçin 2019-njy ýylyň iýun aýynda 5G ygtyýarnamasyny bereninden bäri, ýurduň şäherleridir ähli etraplarynda we okruglarynda internetiň täze nesliniň ýaýramagy kem-kemden giňeldilýär.

Fewral aýynyň ahyryndaky maglumata görä, ýurt boýunça 3,50 milliondan gowrak 5G boýunça baza stansiýa ýerleşdirildi.

Ýene-de okaň

“Toyota” satuw boýunça rekord goýdy

Aşgabatda «Ýaş inžener — 2026» atly bäsleşik geçirildi

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler