TEHNOLOGIÝA

Hytaý kompaniýasynyň ykdysady görkezijileri

“Xiaomi Corporation” kompaniýasy 2020-nji ýylyñ birinji çärýeginiň netijelerini yglan etdi. Kompaniýanyñ girdejisi  49.7 milliard ýuana barabar boldy we geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, 13,6 göterim ýokarlandy. Kompaniýanyň çykdajysy 13,4 göterim artandygy bellendi. “Xiaomi” habar bermegine görä, dünýäde akylly telefonlaryny öndürýän uly 5 kompaniýanyñ öñüne geçmege başardy. Akylly telefonlaryñ satuwy boýunça kompaniýa 30.3 milliard ýuan girdeji getirdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, 12.3 göterim ýokarlandy. Umumy bazara akylly telefonlaryñ 29.2 milliony çykaryldy. Bu bolsa öz önümlerini dünýä bazarlaryna ýaýratmak boýunça “Xiaomi” dördünji orny eýeledi.

Related posts

Kriptowalýuta bilen “Tesla” ulagyny satyn alyp bolar

New Ýorka gitmezden, iňlis dilini öwrenmek mümkin!

Ata Watan Eserleri

ABŞ-ly kompaniýa Aýda myhmanhanalar gurmagy meýilleşdirýär