JEMGYÝET

MA5+Russiýa formatynda hyzmatdaşlyk duşuşygy

2020-nji ýylyň 21-nji maýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň mejlisi geçirildi. Duşuşyk wideokonferensiýa görnüşinde geçdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar MA5+Russiýa formatyndaky öňde duran üçünji ministrler derejesindäki mejlisiň gün tertibine degişlilikde hem pikirleri alyşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar CОVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmäge gönükdirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň, umuman dünýä bileleşiginiň tagallarynyň hem-de özaragatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň we utgaşdyrylmagynyň ýokary ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Bu ugurda türkmen tarapy bu wehime netijeli garşy durmak üçin utgaşdyrylan hereketleriň işlenilip düzülmegi boýunça pikirleriň alyşylmagynyň zerurlygyny aýratyn belläp geçdi. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we degişli halkara edaralarynyň, şonuň ýaly-da özüniň oňyn tejribesiniň esasynda Türkmenistan tarapyndan COVID-19 koronawirusynyň ýaýramagynyň öňüniň alynmagyna gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň öz wagtynda kabul edilendigini hem nygtady.

Diplomatlar şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň pandemiýa döwründe, şol sanda durmuş-ykdysady täsirleriň netijeleriniň ýeňip geçilmegi we adatdan daşary ýagdaýlarda raýatlaryň bolmagynyň şertleriniň ýeňilleşdirilmegi babatyndaky özara goldawlarynyň we hemaýatlarynyň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny tassykladylar.

Diplomatlar şonuň ýaly-da söwda-ykdysady, ulag-logistika we sebitleýin özarahereketleriň derwaýys ugurlarynyň işjeňleşdirilmegini hem belläp geçdiler.

Duşuşygyň çäklerinde şeýle-de goňşy Owganystandaky ýagdaýlaryň kadalaşdyrylmagy we sebitleýin durnuklylyga, howpsuzlyga we ösüşe degişlilikde gatnaşyjylaryň ählisi üçin kabul ederlikli bolan çemeleşmeleriň üpjün edilmegi dogrusynda hem pikirler alyşyldy.

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Türkmenistana geldi

BMG Merkezi Aziýany dünýäniň geljegi uly syýahatçylyk sebitleriniň biri diýip atlandyrdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Serhetleriň howpsuzlygy boýunça Bütindünýä kongresine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

“Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçirilýär

Si Szinpiniň ýörite wekili «Galkynyş» gaz käniniň 4-nji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri