JEMGYÝET

Türkiýede Nury Halmämmedowyň adyny göterýän agaç öý

Görnükli  türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň 80 ýyllyk ýubileýi mynasybetli Türkiýäniň Bolu welaýatynyň Seben etrabyndaky Türk dünýäsi sungat şäherçesinde dabaraly çäre geçirildi. Türkmenistanyň Ankara şäherindäki Ilçihanasynyň web saýtyna ýerleşdirilen habara görä, 2020-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda TÜRKSOÝ we Ilçihana tarapyndan Türkiýäniň Bolu welaýatynyň Seben etrabyndaky Türk dünýäsi sungat şäherçesinde görnükli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň 80 ýyllyk ýubileýi mynasybetli dabaraly çäräniň geçirildi.

Bu çärä TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary D.Kaseinow, Seben etrabynyň häkimi Fatih Kawak, Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi I.Amanlyýew, agzalan häkimligiň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Dabarada TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary D.Kaseinow, Türkmenistanyň Ilçisi I.Amanlyýew we Seben etrap häkimi Fatih Kawak çykyş etdiler. Ilçiniň çykyşynda Çuňňur Hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet syýasatynda halkymyzyň medeni mirasynyň ösdürilmegi we dünýä ýaýylmagy meselesine giň orun berilýändigi, bu çäräniň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň bellenilýän senesinde geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy. Dünýä derejesinde meşhur kompozitor N.Halmämmedowyň ömri we döredijiligi barada aýdyldy hem-de onuň türkmen saz sungatyna we dünýä medeniýetine uly goşandy barada bellenildi. Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň sazandasy Rüstem Rahmedow Nury Halmämmedowyň “Dutaryň owazy” sazyny çaldy. Soňra TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Dýusen Kaseinow R.Rahmedow bilen bilelikde meşhur kompozitoryň “Haýrana galar” saz eserini janlandyrdylar.

 

 

Çäreniň dowamynda Türk dünýäsi sungat şäherçesinde ýerleşýän we meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň adyny göterýän agaç öýüň öňüne gül desseleri goýuldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda gender deňligi boýunça täze bäşýyllyk meýilnama tassyklanyldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers Aşgabada geldi

Ata Watan Eserleri

Futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň gyzykly taryhy

Arkadag şäheri Azerbaýjanyň Medeniýet günlerini kabul etdi

C5+1: Merkezi Aziýanyň we ABŞ-nyň medeniýet ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň medeniýet ministrini kabul etdi