BIZNES

Lebapda iki aýda 1,7 milliard kub metr gaz öndürildi

Geçen ýyl «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri üçin şowly boldy. Olaryň birleşen tagallalary arkaly ýyllyk meýilnama möhletinden öň berjaý edildi. Gazanylan üstünlik täze ýylda has belent sepgitleri eýelemäge hem binýat bolup hyzmat edýär.

Ýylyň başynyň gyş paslyna, ýagny howanyň sowuk döwrüne gabat gelmegi gaz çykaryjylary artdyrylan gaýrat bilen zähmet çekmäge borçly etdi. Sebäbi bu pasylda «mawy ýangyjyň» sarp edilişi görnetin artýar. Gazçylaryň işiň bu aýratynlygyny nazarda tutup, sarp edijileri amatly ýangyç bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda eden tagallalary ýerine-de düşdi. Has takygy, üstümizdäki ýylyň geçen döwründe öndürilen tebigy gaz 1 milliard 795 million kub metrden gowrak boldy. Gymmatly önümiň esasy böleginiň welaýatyň ilatly ýerleri bilen birlikde kuwwatly senagat kärhanalaryny tebigy gaz bilen üpjün etmäge gönükdirilendigi bellärliklidir. Şeýle kärhanalaryň hatarynda kuwwatly «Lebap» we «Watan» döwlet elektrik stansiýalary hem bar. Bu häzirki zaman desgalarynda tebigy gazy ýangyç hökmünde peýdalanmak arkaly öndürilýän elektrik energiýasy hem ýurdumyzyň okgunly ösüşlerine, ilatyň abadan ýaşaýşyna hyzmat edýär.

Gymmatly önümi öndürmekde, öňki ýyllarda bolşy ýaly, Kükürtli liniýa önümçilik böleginiň gujur-gaýratly hünärmenleri öňdeligi eýeleýärler. Geçen döwürde bu bölekde tebigy gazyň 1 milliard 468 million kub metrden gowragy öndürildi. Şonça önümiň 1 milliard 39 million kub metrden gowragy Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisi boýunça akdyryldy. Bu harytlyk önümiň belli bir bölegi bolsa Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisine berildi. Gazanylýan üstünlikde Malaý gaz käninde zähmet çekýän ezber hünärmenleriň zähmet paýy uludyr. Bu ýerde ýylda üstünden 30 milliard kub metre çenli tebigy gazy geçirmäge ukyply gaz gysyjy desganyň ulanylmaga berilmegi bilen düýpli ilerlemeleriň başy başlandy. Bu desga käniň tebigy gaz goruny has doly özleşdirmäge giň mümkinçilik berýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda “Galkynyş” töleg ulgamy işlenip düzüldi

Türkmenistan-Gazagystan-Russiýa-Eýran: dörttaraplaýyn duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Gazagystan demirýol arkaly ýük daşalyşyny artdyrar

Ata Watan Eserleri

Britaniýaly lord Merkezi Aziýa boýunça söwda wekili boldy

“Azerbaýjan-Merkezi Aziýa-Ýewropa” ýaşyl energiýa geçelgesi döredilýär

“Fitсh” agentligi Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna reýting berdi