DÜNÝÄ

Russiýadaky Türkmenistanyň raýatlary üçin bildiriş

Russiýa Federasiýasynda bolup geçen soňky wakalardan soňra Russiýada bolýan Türkmenistanyň raýatlary üçin bildiriş çap edildi. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherindäki konsullyk gullugynyň jemgyýetçilik torunda habar berilýär.

Konsullyk gullugynyň ýaýradan bildirişine görä:

– Soňky wakalar sebäpli, Russiýadaky Türkmenistanyň raýatlarynyň adamlaryň köp ýygnalýan ýerinden, hususan-da, söwda merkezleri, köp adamly köçeler, medeni merkezler we beýleki ýerlerden uzak durmak berk maslahat berilýär.

Türkmenistanyň raýatlaryny, hususan-da talyplary ýaşaýan ýerinde bolmaga çagyryp, resmi hökümetiň maglumatlaryna we maslahatlaryna gulak asmagy maslahat berýäris – diýlip bellenilýär.

 

Related posts

BAE bilen Gazagystan 5 milliard dollarlyk 20 şertnama baglaşdy

Özbegistanyň energetika ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti XV Bütindünýä tokaý Kongresine gatnaşdy