DÜNÝÄ

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda hatyra kitaby döredildi

Mälim bolşy ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Krasnogorsk şäherindäki «Krokus siti holl» konsert zalynda köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýaragly hüjüm we partlama bolup geçdi. Bu pajygaly hadysa zerarly Türkmenistan Hökümeti tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna çuňňur gynanç bildirildi.

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy hem öz gezeginde 2024-nji ýylyň 22-nji martynda bolup geçen terrorçylykly hereket sebäpli ilçihanada hatyra kitabyny döretdi.

Ilçihananyň habar bermegine görä, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda (1941-nji köçe) 24-nji we 25-nji martda sagat 10:00-13:00 we 15:00-17:00 aralygynda hatyra kitabyna bolup geçen wakalar sebäpli duýgudaşlyk bildirmek isleýänler üçin ilçihananyň gapylary açyk bolar.

Related posts

2017 Yılında 873 Tesis İnşa Edilecek

vepa

ABŞ-nyň Prezidenti täze “Gold Card” wiza programmasyny girizdi

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy

Ata Watan Eserleri