JEMGYÝET

Şu ýyl Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebi ulanmaga berler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» we “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda giň gerimli işleriň alnyp barlyp, ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmegiň çäklerinde işleri üstünlikli amala aşyrmak üçin zerur tagallalaryň edilýändigini belledi. Şunda bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar.

Ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz işewüriň bu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde we “Rönesans Holding” kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň ösüşiniň anyk ugurlaryny kesgitlemekde möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem Milli Liderimiz Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň gurluşygynyň barşy bilen gyzyklandy we ýurdumyzda himiýa senagatyny ösdürmegiň, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde taslamalaryň durmuşa geçirilmegine türk işewürleriniň gatnaşyp biljekdigini aýtdy.

Türkiýäniň iri kompaniýasynyň ýolbaşçysy uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistanda giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtap, häzirki döwürde Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýändigini, onuň geljek okuw ýylynyň başynda — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ulanmaga beriljekdigini habar berdi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda yzygiderli ösdürilýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginde iki halkyň taryhy-medeni hem-de dil babatda umumylygynyň esasy şert bolup durýandygyny belledi. Türkmen-türk gatnaşyklary hususy ulgamda-da netijeli ösdürilýär, bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin baý tejribe toplandy.

Ýene-de okaň

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Katarda netijeli duşuşyklary geçirdiler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň forumyna gatnaşdy