DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri Belgiýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 17-19-njy marty aralygynda Belgiýa Patyşalygynda iş saparynda bolýar.

Saparyň dowamynda Ýewropa Komissiýasynyň, Ýewropa Geňeşiniň, Brýusselde ýerleşýän halkara guramalarynyň, degişli ministrlikleriň we edaralaryň, Belgiýanyň söwda we ykdysady gurluşlary hem-de işewür toparlary, şeýle hem birnäçe Ýewropanyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirmek meýilleşdirilýär.

Öňde boljak duşuşyklaryň gün tertibinde Türkmenistanyň köptaraplaýyn platformalarda özara gatnaşyklaryny giňeltmek, Belgiýa bilen syýasy, diplomatik, söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we Ýewropanyň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Related posts

Täjigistan Merkezi Aziýa döwletleriniň sammitine taýýarlanýar

Ata Watan Eserleri

Bakanlar Kurulu’na Yeni Başkan Yardımcısı atandı

vepa

Rumyniýada Nowruz baýramy bellendi