DÜNÝÄ

Gazagystanda 3 müňden gowrak türkmen talyby bilim alýar

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejepow Gazagystanyň “Kazinform” resmi habarlar gullugynyň habarçysy Danira Iskakowa bilen söhbetdeş boldy. Bu söhbetdeşligiň barşynda türkmen ilçisi Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni ynsanperwer gatnaşyklary barada gürrüň berdi.

Türkmenistanyň ilçisi Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda, hususan-da, bilim, ylym, medeniýet we döredijilik alyş-çalşyklary babarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini belledi.

– iki ýurduň ylym jemgyýetçiliginiň arasynda göni gatnaşyklar ýola goýuldy. Türkmenistan bilen Gazagystanyň ýokayr okuw mekdepleriniň gatnaşyklary işjeňleşdirilýär. Türkmen ýaşlary üçin Gazagystan Respublikasy bilim almak üçin iň gowy ýurtlaryň biri boldy. Häzirki wagtda Gazagystanyň ýokary okuw mekdeplerinde 3 müňdeň gowrak türkmen talyby bilim alýar – diýip, ilçi söhbetdeşlikde belläp geçdi.

Ilçi Türkmenistanda hem dürli ýyllaryň dowamynda daşary ýurtlardan köp sanly talyplaryň bilim alyp, öz ýurdunyň ykdysady pudaklarynda zähmet çekýändigini belledi. Türkmenistan özüniň ýokayr okuw mekdeplerinde daşary ýurt talyplaryny kabul etmäge hemişe taýýardygyny bellän ilçi Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadygynyň örän gowudygyny, şeýle hem köp sanly uniwersitetlerdir institutlaryň agramly böleginiň garaşsyzlyk ýyllarynda gurlup, öňdebayrjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygyny mälim etdi.

Bu ugurda goňşy Owganystan bilen oňat tejribäniň gazanylandygy, Türkmenistanyň owgan talyplaryna bilim almak üçin mümkinçilikleriň, hususan-da olara mugt tehniki bilim, ýaşaýyş jaýy hem-de talyp haky bilen üpjün edýändigini aýtdy.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri