JEMGYÝET

BAE-niň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hurma iberdi

Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan çuňňur hormatyň nyşany hökmünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa on iki aýyň soltany hasaplanýan Remezan aýynyň bereketli nygmaty bolan hurma iberdi.

Munuň özi iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösdürilýändiginiň we BAE-de biziň ýurdumyza aýratyn sarpa goýulýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Dostlukly ýurtdan gelip gowşan nygmat hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalara, paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde we çagalar öýünde terbiýelenýänlere mukaddes Oraza aýynyň hormatyna sowgat hökmünde iberildi.

Related posts

Türkmenistan Dış Politikası Sayılarda

vepa

Oguljahan Atabaýewa Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda resminamalara gol çekildi