DÜNÝÄ

Türkmenistan we Özbegistan bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkider

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçisi Ş.Meredow Özbegistan Respublikasynyň ýokary bilim, ylym we innowasiýa ministri K.Şaripow bilen iş duşuşygy geçirdi.

Duşuşykda taraplar bilim we ylmy ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegi, şeýle hem iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol bir wagtyň özünde, Gündogaryň beýik akyldary we türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki çäreleri geçirmek meýilnamalary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Related posts

Türkmenistan-Wýetnam: diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy

Ata Watan Eserleri

Odri Azule täzeden ÝUNESKO-nyň baş direktorlygyna saýlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady