BIZNES

Azyk önümlerini öndürýän açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň işi kämilleşdiriler

Türkmenistanda süýt önümlerini we ýag öndürýän zawodlary döretmek meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hasabat berdi.

Wise-premýer milli ykdysadyýetiň okgunly ösdürilmegini üpjün etmek we ilatyň ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjünçiligini gowulandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, azyk önümlerini öndürýän paýdarlar jemgyýetlerini dolandyrmagy kämilleşdirmek we olaryň guramaçylyk-hukuk görnüşlerini özgertmek maksady bilen, degişli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň birnäçesini Azyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyna bermek we olaryň binýadynda süýt önümlerini we ýag öndürýän zawodlary döretmek baradaky teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli seljermegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, azyk önümlerini öndürýän açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyna üns çekildi. Munuň özi Türkmenistanda ýokary hilli azyk önümleriniň öndürilişini has-da artdyrmaga ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar