DÜNÝÄ

Türkmenistan Finlýandiýanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Finlýandiýa Respublikasyndaky ilçisi Ýa.Serýaýew (oturýan ýeri London ş.) Finlýandiýanyň täze saýlanan prezidenti Aleksander Stubbyň inaugurasiýasyna gatnaşdy. Ýurduň Parlamentinde geçirilen çärede öňki prezident Sauli Niinistu we täze saýlanan döwlet baştutany Aleksander Stubb we Parlamentiň başlygy Ýussi Halla-aho çykyş etdiler.

Inaugurasiýa tamamlanandan soňra Prezident köşgünde öňki we täze prezidentler Finlýandiýada akkreditirlenen Ilçiler bilen duşuşdylar. Munuň çäklerinde, Türkmenistanyň Ilçisi Finlýandiýanyň prezidenti Aleksandеr Stubby Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gutlady we iň gowy arzuwlary ýetirdi. Gutlag we arzuwlar minnetdarlyk bilen kabul edildi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Ilçisi Finlýandiýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Elina Waltoneniň diplomatik korpusy üçin gurnalan ýurduň daşary we howpsuzlyk syýasatlary boýunça geçirilen brifingine gatnaşdy.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri