BIZNES

Göçme birža söwdalary: 107 million dollarlyk geleşikler baglaşyldy

Şu gün ýagny, 5-nji martda, Söwda senagat edarasynyň binasynda guralan türkmen-owgan işewürler maslahatynyň çäginde göçme birža söwdalary geçirildi.

Onuň çäklerinde Owganystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistan Respublikasynyň, Şotlandiýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Wirgin adalarynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Azerbeýjan Respublikasynyň we Türkmenistanyň işewürleriň gatnaşmagynda “EKO 93” kysymly ulag benzini, “KO-20” kysymly yşyklandyryjy kerosini, “Jet A-1” kysymly awiasion kerosini, “A-92” kysymly ulag benzini, garyşyk parafin gaçyna “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumy, “B” kysymly karbamid, “TPP D 30 S” kysymly polipropilen, “PS 400-G20-K” kysymly portlandsemendi we düz (float) aýna önümleri, ýüplükler, nah matalar (kreton, mitkal, ranfors, satin) we dürli ölçegli orta öwüşginli boýalan sütükli önümler, şeýle-de el haly önümleri uly islege eýe boldy.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 33 318 025,67 manada we 107 060 661,74 ABŞ dollaryna deň bolan 71 geleşik baglaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär