BIZNES

Owgan ministri: ähli owganlar TOPH taslamasyny goldaýar

“TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasynyň ýolbaşçysy Muhammetmyrat Amanow Kabul şäherinde Owganystanyň dag magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy. Bu barada Owganystanyň degişli ministrligi habar berýär.

Duşuşygyň barşynda TOPH gaz geçiriji taslamasynyň gurluşygyna degişli meseleler, şeýle hem taslamany çaltlandyrmagyň zerurdygy baradaky meseleler boýunça pikir alşyldy.

Türkmen wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda owgan tarapynyň ýolbaşçysy Şahabuddin Delawar TOPH gaz geçirijisi taslamasynyň diňe bir Owganystan üçin däl eýsem ähli gatnaşyjy ýurtlar üçin hem peýdalay taslamadygyny belläp, ähli owganlaryň bu iri ykdysady taslamany goldaýandygyny aýtdy.

Ministriň bellemegine görä, Islam emirligi bu babatda islendik hyzmatdaşlyga taýýardygyny belledi.

Ministrligiň berýän baýanatyna görä, TOPH gaz geçirijisi arkaly Tükrmenistanyň tebigy gazynyň Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana berilmeginiň netijesinde, owgan ykdysadyýetine  her ýyl 400 million dollar üstaşyr geçirýändigi üçin girdeji geler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy