PEÝDALY MASLAHAT

«PETRONAS Çarigali» kompaniýasy işe çagyrýar

Aşgabat şäherinde işlemek üçin bölüm kömekçisi (işgärler bölümi), wagtlaýyn esasda

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:

Bilimi: orta bilim hakynda şahadatnama ýa-da deň derejeli bilim hakynda resminama.

Iş tejribesi: azyndan 3 ýyla çenli işgärler bölüminde ýa-da degişli pudakda iş tejribesi bolmaly.

Dil ukyplary: iňlis dilinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: «MS Office» («MS Word», «MS Excel») programmalaryny bilmeli.

Aşgabat şäherinde işlemek üçin bölüm kömekçisi (kreditorlyk we debitorlyk bergisi), wagtlaýyn esasda

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:

Bilimi: buhgalterçilik hasabaty we maliýe pudagynda şahadatnamasy ýa-da deň derejeli resminamasy bolmaly.

Iş tejribesi: azyndan 3 ýyla çenli degişli pudakda iş tejribesi bolmaly.

Dil ukyplary: iňlis dilinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: «SAP» we «MS Office» programmalaryny bilmeli.

Gyýanly obasynda işlemek üçin hünärmen (enjamlaryň ygtybarlylygy boýunça)

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky görkezijilere degişli resminamalary bermelidir:

Bilimi: inženerçilik boýunça ýokary bilimi bolmaly.

Iş tejribesi: nebitgaz pudagynda azyndan 5 ýyla çenli iş tejribesi bolmaly. Esasy sebäbiniň seljermesi, enjama gözegçilik etmek maksatnamasy, enjamyň ygtybarlylygynyň üpjün etmek strategiýasy we enjamyň ygtybarlylygynyň we öndürijiliginiň barlagy boýunça bilimleri bolmaly.

Dil ukyplary: iňlis dilinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: «MS Office» programmalaryny bilmeli.

Sowalnamalary https://shorturl.at/ep/CP2 salgysynda ýa-da «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 2 hepdeden gijä galman, «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Ýene-de okaň

Döwlet notaruislary hyzmatlaryň täze töleg möçberi tassyklanyldy

Dr.Döwran Orazgylyjov

“Türkmenistan” awiakompaniýasy işe çagyrýar

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalaryny sosial mediada yzarlalyň

Türkiýä talyp wizasyna ýüz tutmak isleýänler üçin bildiriş

Ata Watan Eserleri

Ýaldyrak dogdy

Türkmenistan boýunça 28-nji iýul-3-nji awgust aralygyndaky howa maglumaty