DÜNÝÄ

Ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny hem-de Bitaraplygyny berkitmekde, daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki gatnaşyklaryny ösdürmekde, döwlet bähbitlerini goramakda, ýaş hünärmenleri taýýarlamakda gazanan uly üstünliklerini hem-de diplomatik gullukda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň şu işgärlerini «Türkmenistanyň
ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Sapar Berdiniýazowy,

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň weterany Aman-Geldi Öwezowiç Baýramowy,

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň weterany Wladimir Akimowiç Kadyrowy,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Kakajan Mommadowy,

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) ilçihanasynyň geňeşçisi Serdar Tahirowiç Durdyýewi,

Soltan Pirmuhammedowy (merhum).

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Related posts

Merkezi Aziýa-Hindistan daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Si Szinpin döwlet sapary bilen Gazagystana barýar

Russiýanyň deputatlary Türkmenistandaky saýlawlara synçy hökmünde çagyryldy