Hytaý wekiliýetiniň agzalary üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde myhmanlar Arkadag şäherine baryp gördüler we täze şäheriň häkimi bilen duşuşdylar.
Dostlukly ýurduň wekilleri “smart-sitide” ulanylýan sanly we “ýaşyl” tehnologiýalar bilen tanyşdyryldy. Arkadag “akylly” şäheriniň Türkmenistanyň ýokary ykdysady ösüşiniň we onuň ägirt uly kuwwatynyň özboluşly görkezijisi bolup durýandygy nygtaldy.
Hytaýly myhmanlara täze şäheriň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygynyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada gürrüň berildi.
Hytaý tarapynyň wekilleri mähirli kabul edilendikleri hem-de “akylly” şäher bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirip, bu şäheriň şähergurluşyk ulgamynda nusgalykdygyny nygtadylar.
