Soňky iki günüň dowamynda Türkmenabat şäherinde 72 maşgala täze jaýlara göçüp bardy. Olaryň ählisi harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň maşgalalarydyr. Munuň özi Watan goragçylarynyň gününiň gündogar sebitdäki dabaralaryna aýratyn öwüşgin çaýdy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.
24-nji ýanwarda şäherde adalat edaralarynyň işgärleri üçin dört gatly, 24 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanmaga berlendigini habar beripdik. Dek düýnüň özünde bolsa Türkmenistanyň Döwlet gümrük we Döwlet migrasiýa gulluklarynyň gündogar sebitdäki işgärleriniň 48-si täze jaýlaryň açarlaryny aldylar. Olar adalat işgärlerine goňşy bolup ýaşar, çünki täze jaýlar hem şäheriň Zelili köçesiniň ugrunda gurlan täze toplumda bina edildi.
Welaýat gümrükhanasynyň we migrasiýa işgärlerine niýetlenen täze ýaşaýyş jaýlarynyň öýleri 3 we 4 otagdan ybarat. Gümrükçilere niýetlenen jaýyň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Gaýratly dost» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp bardylar. Migrasiýaçylaryň göçüp gelen ýaşaýyş jaýy bolsa «Mizemez gadam» hususy kärhanasy tarapyndan bina edildi.
Ýeri gelende aýtsak, gümrükçilere niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy olara berlen ikinji bir sowgadyň toýuna-da öwrüldi. Şanly senäniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna daşary ýurtlardan täze ulaglaryň 20-si gelip gowuşdy. Bu ulaglaryň milli däplerimize görä garşylanyş dabarasy hem jaý toýuna utgaşdy.
Gümrükçiler şanly senäniň öňüsyrasynda «Toyota Fortuner» kysymly ýeňil awtoulaglaryň 10-syny, «Toyota Hiace» kysymly kiçi awtobuslaryň 5-sini we «Isuzu» kysymly suw çekiji ulaglaryň 5-sini sowgat aldylar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň gullukda işleriň kämilleşdirilmegi ugrunda edýän dyngysyz aladalaryna aýdyň mysaldyr. Bu döwrebap ulaglar Döwlet gümrük gullugynyň işgärlerine hyzmat etmek bilen, gullugyň işiniň talabalaýyk ýola goýulmagyna oňyn täsirini ýetirer. Baýramçylyk ruhuna beslenen dabaralar bilen sazlaşykly Lebap welaýat gümrükhanasynyň işgärlerine hem täze gulluk awtoulaglarynyň açarlary gowşuryldy.
Gündogar sebitde täze jaýlaryň açylyş dabaralary dowam edýär.
