JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Garagum sährasyna gezelenç etdi

Mary welaýata iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow kärendeçi-çopan Ataýew bilen bolan söhbetdeşlikden soň Garagum sährasyna syýahat etdi. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Ýylyň bu paslynda Garagum sährasynda ümsümlik bilen ýakymly howa utgaşyp, ynsan ruhuna ýakymly täsir edýän gudrat bar. Siňňin ýagşa ezilen sähranyň ösümlik dünýäsinde özüne çekijilik duýulýar.

Özboluşly ekoulgamly Garagum sährasyna aýawly çemeleşmek, onuň çäklerinde sähra haýwanlary üçin ekologiýa nukdaýnazaryndan amatly şertleri döretmek dowardarçylygy hem-de düýedarçylygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Garagumuň çäklerinde ekologiýa syýahatçylygyny kemala getirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek gerek.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisinde Bütindünýä mirasynyň sanawyna “Ýüpek ýoly: Zerewşan-Garagum geçelgesi” atly desgasyny goşmak kararyna gelindi. Munuň özi biziň ýurdumyzda medeni hyzmatdaşlygyň geriminiň giňelýändigini we Watanymyzyň halkara abraýynyň artýandygyny görkezýän ýene bir subutnamasyna öwrüldi.

Garagum çägeleriniň tämizleýän gum howasyny ýatlanyňda duzly şemllaryň, çöl ösümlikleriniň ajymtyk ysy, az sanly mawy köllerde biten gamyşlaryň ygşyldysy ýada düşýär. Garagumyň aşa tapawutly gijeki we gündizki howasyny, seýrek gabat gelýän jandarlaryň we ösümlikleriň tebigy mekanydyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi