DÜNÝÄ

CNPC Özbegistanda gaz saklamak üçin ýerasty desgalaryň gurluşygyna gatnaşyp biler

Hytaý Halk Respublikasynda döwlet saparynda bolýan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Hytaýyň Nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) başlygy Daý Houlýany kabul etdi.

Hytaýyň Nebitgaz korporasiýasy öz pudagynda öňdebayrjy kompaniýalaryň biri bolup, “Fortune Global 500” reýtinginde öňdäki orunlary eýeleýär. Nebit we gaz önümçiliginde giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmekde uly tejribä eýedir. Bu ugurda daşary ýurtlarda hem iş alyp barýar.

Duşuşykda taraplar Özbegistanda geljegi uly taslamalary, ýagny gaz saklamak üçin ýerasty desgalary gurmak, gaz geçiriji ulgamy döwrebaplaşdyrmak, gözleg işlerine döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, nebitgaz pudagynda hünärmenleri taýýarlamak ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary maslahatlaşyldy.

Related posts

Türkmen diplomatlary Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy

Dünýäniň iň garry ýaşaýjysy aradan çykdy

“Bedew bady: güýç hem gözellik”: baş baýraga rus režissýor mynasyp boldy