2024-nji ýylyň 15-nji fewralyndan “Türkmenistan” awiakompaniýasy Russiýanyň paýtagty Moskwadan Aşgabadyň üsti bilen Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherine uçar gatnawlary ýola goýmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem 2024-nji ýylyň 5-nji martyndan Moskwa-Aşgabat-Hoşimin (Wýetnam) ugry boýunça gatnawlara başlanar.
Şeýle hem 2024-nji ýylyň 31-nji marty-26-njy oktýabry aralygynda Kazan-Aşgabat-Hoşimin we yzyna gatnawlar ýerine ýetiriler.
Moskwa şäherinden Kuala-Lumpur şäherine gatnawlar 15-nji fewral-30-njy mart aralygynda her hepdäniň şisenbe, çarşenbe we perşenbe günleri, 31-nji mart-26-njy oktýabr aralygynda bolsa, sişenbe we şenbe günleri ýerine ýetiriler.
Moskwa şäherinden Hoşimin şäherine gatnawlar 5-30-njy mart aralygynda her hepdäniň şisenbe, çarşenbe we perşenbe günleri, 31-nji mart-26-njy oktýabr aralygynda bolsa, anna, şenbe we ýekşenbe günleri ýerine ýetiriler.
Gatnawlar “Boeing 777” kysymly uçarda amala aşyrylyp, “Türkmenistan” awiakompaniýasy şu hyzmatlary hödürleýär:
- Amatly üstaşyr uçuş
- El goşlary äkitmek (ekonom synpda 1 orun üçin 25 kg, biznes synpda 2 orun üçin 40 kg)
- Uçuş döwründe gyzgyn tagamlar hödürlener
- Aşgabadyň howa menzilinden wizasyz üstaşyr geçmek.
Biletleri https://turkmenistanairlines.ru/ saýtyndan hem-de agentligiň söwda nokatlaryndan alyp bolar.