“Ylalaşylan ähli talaplar we meseleler ýerine ýetirildi” -diýip, Yragyň Energetika ministrliginiň başlygy Ahmed Musa türkmen gazynyň importy barada belläp geçdi. Şeýle hem, Yragyň habar gullugynyň habaryna görä, “bu mesele Eýran tarapy bilen ara alnyp maslahatlaşylmaly, sebäbi türkmen gazy Eýranyň turbageçirijileri arkaly Yraga iberiler”.
Häzirki wagtda Yrakda elektrik energiýa önümçiliginde tebigy gaz ýetmezçiligi bar. Şu maksat bilen, Türkmenistan bilen Yrak, Eýranyň gaz geçiriji ulgamy arkaly türkmen mawy ýangyjy bilen üpjün etmek barada ylalaşyga geldiler. Häzirki wagtda şeýle energiýa meýilnamasyny durmuşa geçirmek üçin Eýran tarapy, indiki aýyň birinji hepdesinde tamamlanmagy ähtimal turba geçirijilerini döwrebaplaşdyryp başlady.
Oňa çenli Bagdat we Tähran degişli şertnamalary gazanmak ugrunda birnäçe gepleşikler geçirilýär. Bu barada Ahmed Musa hem Eýran tarapy bilen gepleşikleriň dowam edýändigini belledi.
