JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby Owganystanda tanyşdyryldy

2024-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Baş konsullygyň edara binasynda Owganystanda ýaşaýan türkmen diasporasynyň abraýly wekilleriniň hem-de Hyrat welaýatynyň Maglumatlar we medeniýet müdirliginiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň  jöwher paýhasyndan dörän «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

Çäräniň dowamynda Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlaryň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gazanan üstünliklerine hem-de ýeten sepgitlerine bagyşlanan eseri geljekki ýaş türkmen nesliniň ýankitabyna öwrüljekdigi barada aýdylyp geçildi.

Dabara gatnaşanlar 2023-nji ýylda  ýaşlaryň bilimde, ylymda, sportda we beýleki ulgamlarda gazanan üstünliklerini belläp geçildiler.

Dabaranyň ahyrynda çykyş edenler we oňa gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň galamynyň ýiti bolmagyny, şeýle kitabynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

Related posts

Ýaşlar üçin möhüm habar: diplomy ykrar edilýän uniwersitetleriň sanawy-2023

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady

Orta Asya Uluslararası Çevre Forumu Aşkabat’ta başladı

vepa