SPORT

55 dereje sowukda geçirilen marafon

Russiýa Federasiýasynyň çäklerindäki Ýakutiýa sebiti dünýäniň iň sowuk hem-de aýazly ýerleriniň biridir. Bu ýerdäki Oýmýakon sebitinde 55 dereje sowukda ylgamak boýunça ýaryş geçirildi.

Oňa 38 adam gatnaşdy. 5-nji gezek geçirilen uzak aralyga ylgamak ýaryşyna Ýakutiýa, Moskwa, Smolensk, Kursk, Waldimirsk, Kemerow, Nowosibirsk oblastlaryndan we Udmurtiýadan türgenler gatnaşdy.

Ýakutiýanyň howa maglumaty gullugynyň habar bermegine görä, ýaryşyň geçirilen güni Oýmýankonda howanyň temperaturasy 55 dereje sowuk.

Şeýle aýazly howada türgenleriň 38-si 42,4 kilometrlik aralygy geçmek üçin bäsleşdi. Erkekleriň arasynda Konstantin Dragunow, zenanlaryň arasynda bolsa, Izabella Borisowa ýeňiji boldy.

Her 5 kilometrden bir çadyr goýlup, ol ýerde türgenlere çaý, çorba we ýylanmak üçin mümkinçilik döredildi.

Oýmýakon Ýakutiýanyň gündogar sebitinde deňer derejesinden 741 metr belentlikde ýerleşýär. Ýer şarynyň iň bir sowuk ýerleriniň biridir. Bu sebitiň iň sowuk temperaturasy 1924-nji ýylda minus 71,2 dereje hökmünde hasaba alyndy.

Marafon ýaryşynyň maksady – Oýmýakonda syýahatçylygy ösdürmekden we sportuň adatdan daşary görnüşlerini giňden ýaýratmakdna ybaratdyr.

Ýene-de okaň

Aleksandr Usik-Taýson Fýuri: ýylyň boksy Saud Arabystanyda geçiriler

Gwardiola “Mançester Siti” topary bilen 2 ýyllyk täze şertnama baglaşdy

Ata Watan Eserleri

Meşhur Rafael Nadal tennis bilen hoşlaşdy

Gwardiola üçin täze teklip

Maýk Taýson-Jeýk Pol: boks tutluşygynyň rekordlary

Maýk Taýson Jeýk Poldan ýeňildi