Şu gün ady rowaýata öwrülen 46-njy “Dakar” rallisi Saud Arabystanda başlaýar. Saud Arabystany dünýäniň bu kyn ýaryşyny yzly-yzyna 5-nji gezek gurnaýar.
Şu ýyl 46-njy gezek geçiriljek ralli ýaryşy Al Ula sebitinde birinji tapgyrdan başlaýarr we 19-njy ýanwarda Banbu sebitinde 12-nji tapgyr bilen tamamlanar.
2024-nji ýyldaky “Dakar” ýaryşynda türgenler ýaryşyň dowamynda 4 müň 727 kilometr ýol geçip, çempionlyk ugrunda bäsleşer. Fransuz Stefan Piterhansel “Dakar” rallisinde iň köp ýeňiji bolan türgendir. Ol bu ýaryşda 8 gezek awtoulagda, 6 gezek bolsa motosiklde ýeňiji boldy.
Geçen ýyl awtoulag kategoriýasynda geçirilen ýaryşda katarly Nasser Al-Attiýa, motosikl kategoriýasynda argentinaly Kewin Benawides ýeňiji boldy.
Bu gezekki ralli ýaryşyna awtoulagda ispan Karlos Saýnz, awstraliýaly Toby Praýs we Beýik Britaniýadan Sam Sanderlend ýaly öňki çempionlar hem gatnaşar.
“Dakar” rallisi 1979-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýän ýaryşlaryň biridir.
