Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Täze 2024-nji ýyly “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýilip atlandyrylmagy türkmen hakymyzyň ýüreginde uly şatlyk, uly buýsanç döretdi.
Eziz Diýarymyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk senesini dabaraly bellemäge häzirden uly taýýarlyklar görülýär.
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
Her bir halkyň medeniýeti onuň milli aýratynlyklaryny şöhlelendirýän, halkyň geçmişini şu güni we geljegi bilen baglaýan gymmatlyk halkasy hökmünde çykyş edýär. Medeni miras halkyň gelip çykyşyny, taryhyny we ýaşaýyş-durmuş şertlerini aýdyň görkezýär. Şu nukdaýnazardan, ata-babalarymyz parasatly durmuş tejribä esaslanýan milli-medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy gözleriniň göreji ýaly gorap, nesillerimize miras galdyrmak ugrunda uly aladalar edipdir. Häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda milli medeniýetimiziň barha baýlaşdyrylmagy, onuň döwrebap hukuk goragynyň üpjün edilmegi ilkinji nobatda, pederlerimizden şu günlerimize ýeten maddy we maddy däl mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň nesilden-nesle geçirilmeginiň wajyplygy bilen baglanyşyklydyr.
Watançy şahyr Magtymgulynyň gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik, birleşmek hakyndaky şygyrlary onuň döredijiligine iň görnükli orunlaryň birini eýeleýär. Ata babalarymyzdan miras galan terbiýe, milli ýörelgeler bu günki gün nusgalyk mekdebe öwrüldi. Aýratyn hem özüniň akyl-paýhasa ýugrulan eserleri bilen dünýä edebiýatyna mynasyp goşant goşan beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň umumadamzat nesliniň öňünde bitiren hyzmaty örän uludyr. Magtymgulynyň keşbi mertligi, batyrlygy, mukaddes Watany, ene topragy wasp eden hyjuwly şahyr, ynsanperwerligi wagyz-nesihat ediji ynsan hökmünde halkyň hakydasyna siňipdir.
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň watançylyk, terbiýeçilik ähmiýeti aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Türkmen halkynyň abraýyny, mertebesini belent derejelere göteren akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy türkmen ruhunyň synmajak sütüni bolup durýar. Ol öz döredijiliginde türkmen halkynyň agzybirligini berkitmegi, özbaşdak döwlet gurmagyny gazanmagy, adam mertebesini belent derejä götermegi inçelik bilen beýan etmegi başarypdyr.
Güljemal Berdinazarowa,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň mugallymy.