SIZDEN GELENLER

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly – täze üstünliklere beslendi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Watanymyzyň parahatçylygyň, dost-doganlygyň mekanydygynyň, ykdysadyýetimiziň mümkinçilikleriniň bimöçberdiginiň kepili bolan wakalar her birimiziň kalbymyzy buýsanja besledi.

Bu ýylda Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belende göteren taryhy wakalar köp boldy. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde durmuş-medeni maksatly binalaryň hatarynyň artmagy, önümçilik desgalarynyň gurulmagy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şanyna şan, şöhratyna şöhrat goşan taryhy wakalardyr.

Şu ýylyň esasy wakalarynyň biri Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy geçirildi. Ol sebitde nusgalyk ilkinji «akylly» şäher boldy. Köp sanly ýaşaýyş-durmuş, bilim, saglygy goraýyş, medeni maksatly binalary, sport desgalaryny özünde jemleýän «akylly» şäher eziz Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýarlygy, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär.

 «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ýurdumyzyň ýaşlary hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň özleri hakynda edýän taýsyz tagallalaryndan ruhlanyp, ylym-bilim alýarlar, döredijilikli zähmet çekýärler. 2023-nji — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyzyň şöhratly täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan rowaç ýyl boldy. Tamamlanyp barýan ýylda milli ösüşimiziň täze tapgyrynda bilim özgertmeleri ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bilen utgaşykly durmuşa geçirilýär.

Has takygy, diňe şu ýylyň özünde täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde çagalar baglarynyň 13-si, orta mekdepleriň bolsa 19-sy açylyp ulanmaga berildi. 1-nji synpa kabul edilen körpelere bolsa hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň adyndan noutbuk kompýuterleri sowgat berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» tassyklanyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň — ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna resmi taýdan kabul edildi. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň dünýä ýurtlarynyň ýaşlary bilen ylym-bilim, maglumat-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşýan mynasyp goşandyna berlen ýokary bahadyr.

Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda gol çeken Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 27-nji dekabrynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat, sergiler we dabaralar geçirildi. Oňa ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleriniň jemi jemlendi.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary hem halkara, şeýle hem milli bilim we sport bäsleşiklerine işjeň gatnaşdylar. Olar gatnaşan halkara ylym-bilim we sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelediler. Şu ýerde käbir mysallar hem ýüzlenmek bolar. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutymyzyň talyplarynyň birnäçesi 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 14-16-sy aralygynda milli göreş boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşyp, MT we P fakultetiniň “Maglumat ulgamlary tehnologiýalary-1” hünäriniň 4-nji ýyl talyby Gulgeldiýew Meýlis türkmen milli göreşinden çykyş edip, 68 kg agramda ikinji orny eýeledy. 2023-nji ýylyň 5-9-njy oktýabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen sambo boýunça dünýä çempionatynda institumyzyň TK fakultetiniň “Infokumminikasiýa tehnologiýalary-1” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Azim Mämmedow 98 kg agramda çykyş edip, üçünji ýere mynasyp boldy.
2023-nji ýylyň 16-18-nji oktýabry aralygynda Kibersportuň Simulýator Elektronic Arts FIFA Futbol 23 görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýygyndy topary 1-nji orny eýelediler.

Umuman, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly uly üstünliklere beslendi. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty hem mundna beýläk-de ýurdumyzda we onuň çäginden daşynda geçirilýän dürli derejedäki halkara we milli ýaryşlara işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlary aljakdygyna pugta ynanýarys.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly tamamlanyp, öz ornuny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip, atlandyrylan ýyla berýär. Täze ýyl türkmen halkynyň akyldar şahyry, söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde bellemek babatda durmuşa geçirilýän işler bilen utgaşar.

Şu ýerde pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýetip gelen Täze, luw ýyly bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Täze ýylda-da  berk jan saglygyny, her bir maşgala ojagyna abadançylygy, egsilmez bagtyýarlygy arzuw edýärin. Täze ýyl hemmäňize rysgal-döwlet, bagt getirsin!

Gurbanbike Bäşimowa,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika Institutynyň mugallymy.

 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri