MEDENIÝET

126 sagat aýdym aýdyp, dünýä rekordyny goýdy

Ganaly Afua Asantewaa Aduonum 126 sagat 52 minut aýdym aýdyp, Ginnesiň rekordyny täzeledi.

– Bu ähli aýal-gyzlar üçin täze mümkinçilikleri synap görmek üçin ylham bolar diýip umyt edýärin. Maksat edinip, oňa ýetip bilersiňiz – diýip, rekordlar kitabyna adyny ýazdyran ganaly aýdymçy belläp geçdi.

Telekeçi we ozalky gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi, 33 ýaşly Aduonum 24-nji dekabrda aýdym aýtmaga başlap, 5-nji güni başlan aýdymyny tamamlap täze rekord goýdy.

Düzgüne laýyklykda, ganaly telekiçi zenana her sagatda 5 minutlyk arakesme ýa-da her dört sagatda 20 minutlyk dynç almaga rugsat berildi.

Şeýlelikde, Aduonum hindi aýdymçysy Sunil Wagmareniň 2012-nji ýylda 105 sagat aýdym aýdyp, goýan rekordyndan öňe geçmegi başardy.

 

Related posts

Dünýäde iň köp kitap okaýan döwletler

Ýene bir gezek yza süýşürildi

Ata Watan Eserleri

Ýurdumyzyň teatrlarynyň hepdelik repertuarlary: 15-16-nji aprel aralygy