JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşyp, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan çärä gatnaşýan çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşdy.

Çagalar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen garşylap, bagtyýar çagalyk üçin hoşallyklaryny beýan edýärler. Bu ýerde Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary Aýazbaba we Garpamyk hem-de tamamlanyp barýan 2023-nji ýylyň nyşany bolan towşanyň we ýetip gelýän 2024-nji ýylyň nyşany bolan luwuň keşbine giren çagalar türkmenistanlylaryň, ýaş nesilleriň adyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Täze ýyl bilen gutladylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýaşajyk artistleriň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi. Olar bu şanly güne öz Täze ýyl sowgatlaryny taýýarlapdyrlar. Döredijilik ýoluna ýaňy gadam basan zehinli aýdymçylaryň, sazandalaryň, çagalar horeografiýa toparlarynyň gatnaşmagynda täsin Täze ýyl baýramçylygy ýaýbaňlandyrylýar.

.Uly şatlyk-şowhunda Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmak baýramçylygyň ýatdan çykmajak pursady boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bagtyýar çagalar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady we Söwda-senagat edarasynyň binasyna geldi. Bu ýerde baýramçylyk çäresi Täze ýyl şüweleňi bilen dowam etdi.

Ýene-de okaň

Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi açylar

Türkmenistanyň Prezidentine «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly ady dakyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen-eýran welaýatara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini Türkmenistana çagyrdy

Türkmenistanyň Azerbaýjanda gurjak metjidiniň düýbi teleköpri arkaly tutuldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň sammitinde çykyş etdi