Häzirki döwürde ýurdumyzda oba hojalyk ekinleri bolan däneçilik we pagtaçylyk bilen bir hatarda, gök ekerançylyk, miweçilik, bakjaçylyk, şol sanda üzümçilik, bagçylyk ýaly ekinleriň ösdürilip ýetişdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, täze obadyr şäherçeler, döwrebap tohum saklanýan ammarlar toplumlary we elewatorlar, ýyladyşhana hojalyklary, azyk önümlerini öndürýän kärhanalar, iri sowadyjy ammarlar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Obasenagat toplumyny ösdürmekde hususyýetçi daýhanlaryň paýyna hem möhüm wezipeler düşýär. Däneçiligi, gök ekerançylygy, miweçiligi, maldarçylygy, guşçulygy ösdürmekde hususyýetçiligiň orny giň gerime eýe bolýar.
Eziz Diýarymyzda obasenagat toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi azyk bolçulygy hem-de azyk howpsuzlygy babatda hem möhüm ähmiýete eýedir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda pagta hem-de bugdaý bilen bir hatarda beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasyllygyny ýokarlandyrmak ugrunda giň tagallalar edilýär.
Şonuň netijesinde, indi köp ýyllardan bäri ýurdumyzda gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmek üçin hem ähli mümkinçilikler döredilýär. Munda ýurdumyzyň howa şertleri göz öňünde tutulyp, gant şugundyry üçin Mary hem-de Balkan welaýatlary saýlanyp alynýar.
Gant şugundurynyň iň köp möçberi ýurdumyzyň Mary welaýatynda ýetişdirilýär. Gant şugundyry örän düşewüntli ekin. Hormatly Prezidentimiz her gektar ýeriň düşewüntliligini artdyrmagy, hasyllylygyny ýokarlandyrmagy, her ýylda ýerden iki hasyl almagyň hasabyna öndürilýän önümleriň mukdaryny köpeltmegi möhüm wezipe edip öňde goýýar we munuň üçin ähli mümkinçilikleri, ýeňillikleri döredýär. Gant şugundyry ýazlyk hem-de güýzlik ekilýär. Onuň aralyk görnüşi ýylyň ikinji ekini bolmak bilen bugdaýdan boşan meýdanlara iýun aýynda ekilýär.
Köp ýyllaryň dowamynda şugundyr ýetişdirmegiň tejribesini gazanan ýurdumyzyň ussat oba hojalykçylary bu ekinden müňlerçe tonna hasyl ýygnaýarlar. Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 21-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Türkmenistanda 2023-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakynda” Karara gol çekipdi. Oňa laýyklykda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Şu ýyl “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan daýhan birleşikleri, daýhan hojalyklary bilen täze hasyl üçin 17 müň 900 gektar meýdana gant şugundyryny ekmek barada şertnama baglaşyldy. «Maryşeker» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti häzir şugundyry işläp bejerýän, şeker we dürli gant önümlerini taýýarlaýan ýurdumyzda ýeke-täk kärhanadyr.
Oba zähmetkeşleri ýylyň-ýylyna gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Kärendeçileriň öndürjilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär.
Adaty şugundyryň adam saglygyna hem peýdasy uludyr. Onuň düzüminde köp sanly demir, şeýle hem deňagramly derejede kalsiý we natriý bar. Şeýle-de onuň düzüminde B topara degişli ýokumlar köpdür. Ýokumlaryň hut şol topary dyrnaklaryň, saçlaryň berk we deriniň oňat bolmagyna, şeýle hem nerw ulgamynyň dogry işlemegine täsir edýär. Ol düzüminde saklanýan sinkiň we ýoduň mukdary boýunça gök-önümleriň
arasynda öňdäki orunda durýar. Şugundyr böwregiň, bagryň, gan-damar ulgamynyň arassalanmagyna kömek edýär, şeýle hem gan damarlaryň diwarjyklaryny berkidýär. Ol bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar, gan aýlanyşyny gowulandyrýar.
Aýna Atajumaýewa,
Türkmen oba hojalyk institunyň önümçilik kafedrasynyň mugallymy